Bu ukyp syn etmek bilen başlanýar

Mysal üçin, kimdir biriniň aýagy typyp, ýykylandygyny görüp duran bolsaňyz, siziň hamala özüňiz ýykylýan ýaly - waý! - diýip gygyryp goýbermegiňiz gaty ahmal. Umuman, biz adamlara syn edip oturan bolsak, olaryň başyndan geçirýän duýgularyny duýýarys. Muňa biz tebigy taýdan  ýykgyn edýäris. Alymlaryň pikiriçe, munuň biologik sebäpleri bar. “Olaryň pikirine laýyklykda, bir zadyň hakykatdan hem özümize degişlidigini duýsak ýa-da başga adamlaryň muny amala aşyryp oturşyna syn edip otursak, kelle beýnisiniň  "aýna neýronlary" diýlip atlandyrylan öýjükleri  hut şol bir görnüşde, bir meňzeş işjeňleşýär.

Synlaýyş ukybyňyzy has kämilleşdirer ýaly aşakda görkezilen usullardan peýdalanyp görüň:

Adamlaryň  ýüzüne serediň, olaryň beden diline üns beriň. Indiki gezek söwda merkezinde ýa-da kofehanada mahalyňyz, ýa bolmasa awtobusda barýarkaňyz şeýdip görüň:  töwerek-daşyňyza serediň we görýän adamlaryňyzyň beden dilinden, ýüz-gozüniň hereketinden (mimikasyndan), we edil şol pursat näme bilen meşgullanyp oturanlygyndan ugur alyp, olaryň nähili duýgudadyklaryny kesgitlejek boluň. Kitaplaryny dyzynda goýup oturan gyzyň, mysal üçin, synaga taýýarlyk görüp oturan bolmagy ähtimal. Görnüşinden ugur alsak, siziň pikiriňize görä, ol nähili duýgylary başyndan geçirýär-kä? Ol size nähili görünýär - özüne ynamly bolup görünýärmi ýa-da tolgunýan ýalymy? Gözlerini ýumup oturan oglan barada näme diýersiňiz? Ol size rahat, aladasyz bolup görünýärmi? Ýa bolmasa ýadaw ýa-da tukat, gamgyn bolup görünýärmi?


•  Adamlaryň hakyky duýgularyny beýan edýän kitaplary okaň, filmleri görüň. Özem olarda dürli-dürli gahrymanlaryň dürli-dürli duýgulary başdan geçirýändigine we  biriniň  beýlekisinden tapawutly oýnaýandygyna syn ediň. Näme üçin gahrymanlaryň başdan geçirýän duýgylarynyň hakykatdan hem özlerini duýuşlaryndan gelip çykýandygyna düşünjek boluň. Olaryň şol duýgularyna esaslanyp, şol siziň görüp duran pursatyňyzdan soň gahrymanyň näme etjekdigini çak bilen kesgitlejek boluň.  Ýa bolmasa, gahrymanyň özüni hut görşüňiz ýaly alyp barandygyna delildir sebäp tapyp, onuň näme üçin özüni şeýle alyp barandygyny düşündirip biljekdigiňizi ýa-da bilmejekdigiňizi kesgitlejek boluň.