Bildirilen reaksiýadan (berlen jogapdan) netije çykarmak

Başga adamlara düşünmek sungaty adamlaryň belli-belli ýagdaýlarda nähili duýgyda boljakdygy barada çaklama etmäge, şeýle hem şol adamlaryň nähili reaksiýa bildirýändigi barada aň-düşünje almaga ýardam berýär.

Mysal üçin:
Synp otagynda irden siz dostuňyzy görýärsiňiz. Ol size ýylgyryp bakýar, özem hoşniýetli we gujur-gaýratdan doly. Edil şol güniň özünde soňrak görseňiz onuň lapy keç, ynha diýersiň, aglap, boýur-boýur göz ýaşyny dökäýjek ýaly görünýär. Dostuňyzy gören şol iki gezegiňiziň arasynda eýýäm oňa näme bolup biljekdigi barada aşakda getirilen düşündirişleriň haýsy birini iň ýerlikli we dogry çaklama diýip hasaplarsyňyz? 

А. Ol günortanlyk nahar üçin berilýän arakesme wagtynda öz gowy görüşýän gyzy bilen sögüşüpdir, indi bolsa olar gürleşýän hem däldirler.
B. Ol algebradan geçirilýän synagyň 4-nji tapgyryndan üstünlikli geçipdir.
C. Basketbol boýunça esasy topara goşulmak üçin onuň bu ugurda edip gelen tagallalarynyň sähelçe ýetmezçilik edenligi barasyndaky habary ol ýaňyja eşidipdir.
D. Himiýa mugallymy juda köp öýe ýumuş beripdir.
E. Onuň şu günki güni gowy geçen däldir.

Elbetde, siz dessine B jogaby aradan aýyrardyňyz: siziň duýgy (emosional) intellektiňiz dostuňyzyň bolşy, ýagny bildirýän reaksiýasy onuň synagdan geçenligini däl-de, eýsem ýykylanlygyny görkezýär diýlen duýgyny döredýär. Çünki, eger-de siziň dostuňyzyň güni erbet geçen bolsa ýa-da oňa köp öýe ýumuş tabşyrylan bolsady (berilenlerden D we E görnüşler), onda ol gaty aladaly bolardy we aşa ýadaw görünerdi – ýöne weli ol aglar derejä barmazdy ahbetin. Şeýlelik-de, şol wariantlary aradan aýyrmak bilen, siz, elbetde, dostuňyzy azrak  tukatlandyrjak görnüşlere, ýagny A we C görnüşlere has köp dykgat edersiňiz.

Başgalara düşünmegi başarýan adamlar olaryň nähili duýgyda boljakdygyny göz öňüne getirýärler ("Men oňa bu barada edil şu wagt aýtsam, ol özüni gaty erbet duýar“). Olar adamyň nähili reaksiýa bildirýändigini özleri üçin anyklap bilýärler. ("Hää, onuň näme üçin gaharlanandygyna men doly düşünýärin. Asla geň-taň görer ýaly hem däl!").

Başgalaryň nähili duýgudadygyna, nähili reaksiýa bildirip, nähili hereket edýändigine düşünmek bize aragatnaşyklarymyzy gowulaşdyrmaga kömek edýär.