Duýgular barada öňünden çaklama etmek

Özüňizi şular ýaly ýagdaýda göz öňüne getiriň: dostuňyz sizi bir oturylyşyga çagyrýar. Siz bu duşuşyga toparyňyzyň Jemaldan başga ähli gyzlaryň çagyrylandygy barada anyk maglumat tapyp, muny anyk bilýärsiňiz. Siziň pikiriňize görä, muny eşidende Jemal özüni nähili duýarka?

A. Gaharly.
B. gamgyn.
C. öýkelän
D. çetleşdirilen
E. ylalaşyksyz
F. aljyraňly
G. Özüni ýitiren ýaly.
H. Biperwaý

Elbetde, siz özüňizi Jemalyň ýerine goýup, şeýle ýagdaýda ol özüni nähili duýarka diýip, eýýäm jogabyny hem tapansyňyz. Şeýle ýagdaýa düşen adamlaryň köpüsi ýokarda sanalyp geçilen A  bilen D aralygyndaky dürli duýgularyň käbirlerini ýa-da tutuş hemmesini başyndan geçirer. Ýagny: gaharly, gamgyn, öýkelän, çetleşdirilen. Emma şular ýaly ýagdaýda üns berilmän galdyrylan  her bir adamyň aljyraňly, biperwaý ýa-da gahar-gazaply bolmagynyň ähtimallygy pes.

Başga adamlaryň nähili duýgulary başdan geçirip biljekdigi barada çaklama etmek ukyby emosional  intellektiniň  (jemgyýetde tutýan ornuňa baha bermegi, başgalara duýgudaşlyk bildirmegi başarmak ukybyň) bir bölegi bolup durýar. Bu  ukyp, durmuş tejribämiziň artmagy bilen, biziň hemmämizde hem kemala gelip biler.