Beden dilinden many çykarmak

Kä halatlarda bir ýagdaýa düşen adam, hiç geplemeýän hem bolsa, ondan goşmaça maglumat almagy başarýarsyňyz: Adamlaryň beýan edýän yşaratlaryndan (iberýän signallaryndan) many çykarmagy başarmak we olary hasaba almak duýgy (emosional)  intellektiniň  (jemgyýetde tutýan ornuňa baha bermegi, başgalara duýgydaşlyk bildirmegi başarmak ukybyň) aýrylmaz bir bölegi bolup durýar.

Diýeli  Jemal siziň ýanyňyza gelýär. Ol örän tukat görünýär. Ol sizden: "Şu hepdäniň  altynjy güni Selbiň oturylyşygyna gidýärmiň?" diýip soraýar. Onuň emosiýalarynyň yşaratlaryndan (beden dili, ýüzüniň görnüşinden) Jemalyň özüniň çagyrylmanlygyndan habarynyň bardygyny aňlaýarsyňyz.

Şu ýagdaýda siz A jogapdan ("Hawa, men gidýärin, a sen näme?")  peýdalanyp bilerdiňiz, ýöne siziň B ("Hawa, men gidýärin. Bilýärmiň, saňa bir diýjek zadym bar, ýöne bu meni gaty biynjalyk edýär. Ol seni çagyrmandyr, şeýle dälmi?") ýa-da E jogaby ("Hawa. Seniň çagyrylmandygyňa men gynanýaryn. Selbi seniň göwnüňe degjek bolandyr diýip, asla pikir edemok. Onuň ene-atasy köp adam çagyrmaga rugsat bermändir") saýlap almagyňyz gaty ahmal. 

Bardy-geldi Jemal, özem keýpi kök,  siziň ýanyňyza gelip: "Bilýärmiň näme, meniň eşidişime görä, şu hepdäniň dynç günlerinde Selbi oturylyşyk edýärmiş. Sen gidýärmiň?" diýip soraýar. Şu ýerde hem beden dilini hasaba almak bilen, siziň şeýle netijä gelmegiňiz mümkin: "Hää, munuň-a habary ýok bolmara çemeli, ol çakylyga garaşýandyr".

Eger siziň duýgy (emosional) intellektiňiz gowy bolsa, onda  siz Jemalyň şol geçiriljek oturylyşyga çagyrylmadyk ýeke-täk adam bolup durýandygyny bilip, gidýändigiňizi tassyklamaklyga gezek gelende, ýaýdanarsyňyz. Hatda öz pikirleriňize eýe çykyp bilseňiz hem bu Jemalyň öz şahsy işi, onda-da siz oňa gynanarsyňyz, duýgydaşlyk bildirmek islärsiňiz. Berjek jogabyňyz onuň siz tarapdan goldaw berilýändigini duýmagyna ýa tersine öňküden hem beter bolmagyna eltip biler. Hut şonuň üçin hem, aýtjak sözleriňize, berjek jogabyňyza degişli oýlanyşykly hereket ediň.