Duýgudaşlyk bildirmekligiň rehim etmeklige öwrülmegi

Başgalara duýgudaşlyk bildirmek ukybyny kemala getireniňizden soň, şol ukypdyr bilim-düşünjeden nähili peýdalanmaly? Eger-de siziň başga adamlaryň aglaba köpüsi bilen birgiden umumylyklaryňyz bar bolsa, onda elbetde siz şol umumylyklardan ugur alyp, olardan aladasyny edýän adamlaryňyza ýardam bermekde we olara gerek bolan goldawy bermekde peýdalanarsyňyz.  Ynha, şuňa rehim etmek diýilýär. Rehim etmek bize aragatnaşygymyzy ýola goýmaga ýardam edýär. Has rehimdar bolmak üçin aşakdaky üç sany usuldan peýdalanmaga synanyşyň:

  • Başga adamlardan nämä mätäçdiklerini sorap duruň. Eger-de siziň dostuňyz  agyr günleri başdan geçirýän bolsa, kömek etmek üçin näme edeniňizde oňa gowy boljakdygyny ondan soraň. Eger-de siziň dostuňyz: "Bilemokda" diýip jogap berse, şular ýaly ýagdaýlarda özüňiz näme islejekdigiňiz barada pikirleniň. Soňra öz dostuňyza şoňa çalymdaş bir zat hödürläp bilersiňiz.
  • Başgalara çyn ýürekden gyzyklanma bildiriň. Öz tanaýan adamlaryňyz barada biljek boluň, ýöne bu meselede ýürege düşgünç ýa-da ýalanlyk bilen däl-de, eýsem olar barada has anyk düşünjä eýermek we köpräk bilmek  isleýändigiňiziň subut etjek usul bilen soramaga synanyşyň. Mysal üçin, olardan näme bilen meşgullanmagy halaýandyklary, olaryň nähili duýgulary başdan geçirýändileri, nähili oý-pikire eýerýändikleri barada soraň.
  • Hoşgöwünli hereket ediň. Başga adamlara degişli gep-gürrüň, gybat edilende, olaryň üstünden gülenlerinde ýa-da agyzlaryna öýkünilende, bir zady pikir ediň: şular ýaly zatlar siz babatda edilende özüňizi nähili duýardyňyz? Şu zatlary göz öňüňize getiriň. Bu bolsa size başga adamlaryň duýgularyna laýyk hereket etmäge, şular ýaly hereketlere baş goşmakdan daşda durmaga ýardam eder.


Rehimli bolmak ugrunda edilýän sähelçe tagalla oňyn jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam edýär.Indi alymlar pugta durmuş gatnaşyklarynyň saglyga, bagta we ömrüň uzak bolmagyna nähili oňyn täsirleriniň bardygyny bilýärler.