Başga adamlaryň özlerini nähili duýjakdygy barada bizde döreýän aň-düşünjе

Başga adamlaryň özlerini nähili duýjakdygy barada bizde döreýän aň-düşünjäniň biziň onuň  bilen özara baglanyşygymyza özboluşly täsirini ýetirmegi ähtimal.

Mysal üçin, oturylyşyk bilen bagly ýokarda getirilen mysalda Jemala "Selbilere oturylyşyga gitmekçimi?" diýip sorasa... Onda, Jemalyň çagyrylmandygyndan siziň habarly bolmagyňyzyň berlen şu soraga nähili jogap berjekdigiňize täsir etjekdigi mümkin. Ýagny, siz aşakdaky jogaplardan islendigini saýlap, aýdyp bilersiňiz (ýa-da aýtmarsyňyz!): 

А. "Hawa, men gidýärin, a sen näme?"
B. "Hawa, men gidýärin. Bilýärmiň, saňa bir diýjek zadym bar, ýöne bu meni gaty biynjalyk edýär. Ol seni çagyrmandyr, şeýle dälmi?"
С. " Hawa-la, hemmeler gidýär!"
D. "Elbetde, men gidýärin! Bu oturylyşyk tutuş şu ýylyň dowamynda bolup geçen duşuşyklaryň arasynda iň gowysy!"
Е. " Hawa. Seniň çagyrylmandygyňa men gynanýaryn. Selbi seniň göwnüňe degjek bolandyr diýip, asla pikir edemok. Onuň ene-atasy köp adam çagyrmaga rugsat bermändir".

Eger-de siz Jemalyň çagyrylmandygyny bilen bolsaňyz, onda siz C ýa-da D jogaby saýlap alardyňyz. Siziň bolsa tutuş ýagdaýdan habarly bolmagyňyz Jemalyň duýgylaryna ser salanyňyzda B ýa-da E  jogaby saýlap almagyňyza iterýär. C we D jogaplar siziň  gürrüňdeş bolup duran adamyňyzyň çagyrylmandygyny anyk bilýän ýagdaýyňyzda aýtjak zadyňyza baglydyr.