Duýgulardan habarly bolmagyň kemala gelmegi

Duýgulardan habarly bolmak bize öz-özümizi tanamaga we kabul etmäge ýardam berýär. Şeýlelik-de, başdan geçirýän duýgularyňyzdan nädip has habarly bolup bilersiňiz? Aşakda getirilen üç sany ýönekeý ädimden başlaň:

  1. Özüňizi günüň dowamynda bolup geçýän dürli-dürli ýagdaýlarda özüňizi duýşuňyza görä alyp barmagy öwreniň we ony adaty endige öwrüň.  Dostuňyz bilen bir ýere gitmek baradaky etsem-petsemiň sizi gaty begendirýändigini duýup bilersiňiz. Ýa-da, mysal üçin, synagyňyzyň öňüsyrasynda gaty aljyraýandygyňyzy aňarsyňyz. Saz diňläp otyrkaňyz özüňizi rahatlanan ýaly, sungat sergisine gatnaşandygyňyz sebäpli ruhuňyzyň belentdigini duýýarsyňyz, ýa bolmasa dostuňyz sizi taryplap, hoş söz aýtsa, begenýärsiňiz. Ýönekeýje etmeli zadyňyz başyňyzdan geçýän ähli duýgulary syzmagy we soňra olary z kelläňizde bellemegi öwreniň. Muňa bary-ýogy ýekeje sekund gider, ýöne bu uly tejribe bolar. Her bir duýgynyň geçip gidýändigini we indiki tejribe üçin ýer döredýändigini ýatdan çykarmaň.
  2. Duýgyňyzyň nä derejede güýçlidigine baha beriň. Başyňyzdan geçýän haýsy-da bolsa bir duýgyny syzanyňyzdan soňra onuň nähili duýgudygyny anyk aýdyp, ýene-de bir ädim öňe ediň: 10 (1-den 10 çenli) baldan ybarat şkaladan peýdalanyp, duýgyňyzyň nä derejede güýçlüdigine baha beriň. 1-lik baha iň bir aram duýgyny, 10-luk bolsa iň güýçli duýgyny aňladýar.
  3. Duýgularyňyzy özüňize iň ýakyn adamlar bilen paýlaşyň. Duýgularyňyzy söz arkaly beýan etmek nukdaýnazaryndan bu iň gowy usul hasaplanýar. Bu endik özümizi dost-ýarlarymyza, ýan ýoldaşlarymyza, ene-atamyza,  halypalarymyza, umuman, islendik adama has ýakyn duýmaga ýardam berýär.  Öz dost-ýarlaryň ýa-da maşgala agzalaryň bilen duýgularyňy paýlaşmagy öz gündelik endigiňize öwrüň. Siz özüňize degişli şahsy duýgyňyz ýa-da günbe-gün başyňyzdan geçirýän duýgyňyzy paýlaşyp bilersiňiz.

Durmuşdaky beýleki zatlarda hem bolşy ýaly, duýgulara gezek gelende hem, tejribeden gowy zat ýokdur! Özem erbet ýa gowy duýgular diýlen zadyň ýokdugyny ýadyňyzdan çykarmaň. Duýgularyňyz üçin özüňizi ýazgarmaň – olaryň bardygyny we olaryň nähili duýgulardygyny bilýän bolsaňyz ýeterlikdir.