Emosiýalar barada biz näme bilýäris?

Duýgular ýa-da emosiýalar barada birnäçe esasy zatlar:

  • Duýgular döreýärler we ýok bolup gidýärler. Günüň dowamynda köpimiz birgiden dürli-dürli emosiýalary başdan geçirýäris. Olaryň käbirleri diňe birnäçe sekund dowam edýär. Beýlekileri bolsa has köp dowam edip, biziň şäht ýagdaýymyza öwrülýärler.
  • Duýgular aram, güýçli we bu ikisiniň aralygynda bolup bilerler. Duýgularyň güýji belli bir ýagdaýa we adamyň özüne bagly bolýar.
  • Duýgular erbet ýa-da gowy bolup bilmeýär, olaryň beýan edilişi (ýa bolmasa olara görä hereket ediş) usullary gowy ýa-da erbet bolup biler. Kabul ediläýjek usullar bilen duýgulary beýan etmek bolsa aýratyn bir  ukyp bolup, ol duýgulary ele almak bilen baglydyr. Munuň üçin bolsa, duýgulara düşünmek ukyby esasy şert bolup hyzmat edýär.