Edil şu pursat, ýagny şuny okap başlan pursatyňyzda siz nähili duýguda?

Bu sizde dessine gyzyklanma döretdimi? Elbetde, siz özüňiz barada bir zatlar biljekdigiňizi aňýarsyňyz, şeýle dälmi? Özüňizi ýürekgysdyryjy duýýarmysyňyz? Belki-de muny mekdebiňiz üçin edilmeli bir zat diýip hasap edýänsiňiz, şonuň üçin bu sizde asla gyzyklanma döretmeýändir? A belki-de tersinedir, ýagny siz muňa begenýänsiňiz, sebäbi bu siziň göwnüňize ýaraýan mekdep taslamasydyr.  Belki-de, düýbinden başga bir zat siziň ünsüňizi sowýandyr, mysal üçin, hepdäniň aýagy üçin göz öňünde tutýan meýilnamalaryňyz sizi begendirýändir. Ýa bolmasa, tersine, gamgyn edýändir, sebäbi ýaňy-ýakynda özara gatnaşyklaryň puç bolandygy bilen bagly duýgylary başyňyzdan geçiripdiňiz?

Şular ýaly duýgular ýa-da emosiýalar adamyň tebigatynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Olar biziň başymyzdan geçirýän zatlarymyz barada maglumat berýär we olara nähili edip reaksiýa bildirmelidigimizden habarly bolmaga ýardam berýär.

Biz entek çagakak duýgylarymyzy we olaryň täsirini aňýardyk. Bäbekler we kiçi ýaşly çagalar ýüz-gözleriniň hereketleri (mimikasy), ýüzlerindäki alamatlar arkaly, ýa bolmasa gülmek, gujaklamak, ýa bolmasa kemşermek, aglamak ýaly hereketleri bilen özlerinde dörän duýgularyna reaksiýa bildirýärler. Olar şular ýaly duýgulary başdan geçirýärler we olary beýan edýärler, emma welin olarda haýsy-da bolsa bir duýgyny atlandyrmaga, näme sebäpden özlerini şeýle duýýandyklaryny düşündirmäge gerek bolan ukyp entek ýok.

Ösüp, barha kemala gelmek bilen biz duýgulara düşünmekde has başarjaň bolýarys. Ulalanymyzda biz özümizi edil çaga ýaly alyp barman, eýsem bizde nähili duýgynyň dörändigini kesgitläp, ony dil bilen beýan etmegi başarýarys. Wagtyň geçmegi bilen, hem tejribämiziň artmagy netijesinde biz duýgularymyzy kesgitlemekde we näme sebäpden özümizi şeýle duýýanlygymyzy anyk  aýtmakda has ökdeleşýäris. Bu ukyp duýgy taýdan habardarlyk diýlip atlandyrylýar.

Duýgy taýdan habardarlyk näme etmelidigimizi we näme isleýändigimizi (ýa-da islemeýändigimizi!) bilmekde ýardam edýär. Ol biziň aragatnaşyklarymyzy gowulaşdyrmaga şert döredýär.  Munuň sebäbi-de, öz duýgularymyz barada  bilmegiň olar hakda has anyk gürrüň etmäge, dawa-jenjellerden gaça durmaga we agyr duýgulary aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek edýändigindedir. 

Elbetde, adamlaryň birnäçesi beýlekilerden tapawutlylykda öz duýgulary bilen has ysnyşykly bolýarlar. Ýöne bu barada başga-da gowy zat bar. Ýagny, her bir adam öz duýgularyndan has habarly bolup biler. Tejribäniň artmagy bilen bu ukyba ýetip bolýar. Emma, elbetde, bu ugurda tagalla etmek gerek: duýgy taýdan habardarlyk duýgy intellektini döretmek ugrunda edilýän ilkinji ädimdir. Bu adamlara durmuşlarynda üstünlige ýetmäge ýardam edip biler.