Bularyň hemmesi hem gowudyr

Duýgularyň käbirleri oňyn duýulýar – mysal üçin, bagtly bolmak duýgusy, söýgüli bolmak duýgusy, ynamly bolmak, ruhubelentlik, şadyýanlyk, şatlykly, gyzyklanma bildirmek, minnetdar bolmak, ýa bolmasa çetleşdirilmän, kabul edilmek duýgulary. Bulardan tapawutlylykda, başga duýgular oňyn bolmadyk ýaly  görnerler. Olaryň arasynda gahar-gazap duýgusy, öýke-kine, gorky, uýat, günäkärlik, gamgynlyk we aladalylyk duýgulary bar.

Duýgularyň iki görnüşi hem, ýagny oňyn we oňaýsyz görnüşleri adaty duýgular hasaplanýar.

Duýgularyň ählisi özümiz we başdan geçirýän ýagdaýymyz barada bizi habarly edýär. Emma kä halatlarda biziň düşen ýagdaýymyz, şeýle hem başymyzdan geçirýän duýgularymyz bilen ylalaşmak bize kyn düşýär. Nähilidir bir duýguny başdan geçirýändigimiz üçin, mysal üçin, gabanýanlygymyz üçin, biz özümizi ýazgaryp hem bileris. Emma welin özümiziň nähili duýgyny başdan geçirmeli däldigimiz barada pikir edenden, iş ýüzünde nähili duýgymyzyň bardygyna üns bermek has gowydyr.

Oňyn bolmadyk (negatiw) duýgulardan saklanyp, özümizi "Ýok, asla beýle duýmaýaryn!” diýip ynandyrmakçy bolmak oňaýsyz netije berip biler. Elbetde,  geçmişde galan agyr duýgularyň gapdalyndan geçip gidäýmek we olary görmedik ýaly bolmak has kyn düşýär. Eger-de biz olar bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda näme sebäpden özümizi şeýle duýýandygymyzy anyklamaga synanyşmasak, onda bu hut şeýle bolar. Siz gaýta-gaýta öz duýgularyňyza dolanyp barmalysyňyz we elmydama özüňizi nähili duýýandygyňyzy aýdyp durmalydyr.

Duýgulardan habarly bolmak peýda bolýan duýgularyň özüňiz tarapyndan ykrar edilmegini, olara hormat-sarpanyň goýmagyny we bolşy ýaly kabul edilmegini aňladýar.