Ýetginjek bilen kontrosepsiýa (goranmak) hakynda nädip gürleşmeli?

Siziň ýeterlik aň-düşünjeli ene-atadygyňyza, perzendiňiziň bolsa, çagalaryň nireden alynýandygyny bilýän perzentdigine garamazdan, onuň bilen çagalaryň peýda bolmagyndan nädip goranmalydygy hakynda gürleşmek ýeňil düşmez. Ejelerdir kakalaryň göwnüne ýetginjekler kontrosepsiýa (goranmak) hakynda eýdip-beýdip özleri akyl ýetiräýjek ýaly.

Kontorsepsiýanyň bardygy hakynda gürrüňdeş bolup bolar, emma onuň näderejede möhüm zatdygy hakynda welin gürrüň edilýändigi belli däl. Çünki bu meselede esasy maglumat çeşmesi bolup özge bir ýetginjek çykyş edýär. Ol ýetginjegiň çagaňyza nämeler aýdyp berjekdigi bolsa, göz öňüne getirer ýaly däl.

Ýetginjek bilen dogry oturyp bu barada gürleşmek welin, ene-atalaryň aglabasy üçin synagdyr. Çünki bu eýýäm sagdyn durmuş ýörelgesi ýa-da ylym hakyndaky abstrakt gürrüň däl-de, şahsy durmuşa gatyşmakdyr.

  1. Gürrüňi nädip hem haçan başlamaly?
  2. Uniwersal maslahatlar bolmaýar
  3. Ikiçäk gürleşmek gorkusy
  4. Reklamadan başlamaly
  5. Edebiýat bilen dowam etmeli
  6. Gürrüňe başlamak
  7. Assyrynlyk bilen prezerwatiw oklamalymy?
  8. Iň esasy zat — öte geçmezlikdir