Assyrynlyk bilen prezerwatiw oklamalymy?

Köp ene-ata gizlinlik bilen ýetginjegiň ýantorbasyna prezerwatiw oklaýar: «Belki özi düşüner, kiçi çaga däl ahyry». Geň pirim: eger-de siz hiç wagt kontrosepsiýa hakynda gürrüň etmedik bolsaňyz, onda ýetginjek näme üçin garaşylmadyk tapyndydan peýdalanmaly? Peýdalanaýan-da hem, siz ony nirden biljek? Biläýen halatyňyzda hem, indikini ýene-de gizlinlikde oklajakmy?

Beýleki bir tarapdan, ýetginjekleriň prezerwatiw satyn almak üçin dermanhana barmaga çekinýänligi sebäpli, ol torbada artykmaçlyk etmez. Bu, elbetde, geň zat, çünki dermanhanaçynyň işi şeýle — bir-de prezerwatiw satsa, bir-de iç gatamadan derman satýar. Bu onuň işi. Kimdir birine käýinmäge ýa-da gyýa seretmäge onda ne isleg bar, ne-de wagt.

Ýöne ýekeje prezerwatiw işi düzetmez. Ýetginjek kontrosepsiýa serişdelerini adaty barlyk hökmünde kabul etmegi öwrenmeli. Şonuň üçin hem ony açyk-aýdyň görnüşde gowşuryp bolar. Çünki ýetginjegiň gorag serişdesini diňe zerur wagty zerur ýerden tapyp bilmegi ýeterlik däl, eýsem, ol siziň onuň jahyl çykmagyny goldaýandygyňyzy we onuň saglygyny goramak isleýändigiňizi bilmeli. Gorag serişdesini gowşurmak gürrüňi açmak üçin esas bolup biler.

Möhüm! Prezerwatiw gowşurmak hereket etmäge çagyryş bolup görünmeli däldir. Öz wagtynda we ynanyşmaga esaslanan aç-açan edilen gürrüň — howply öz-özüňi alyp baryşdan iň gowy goragdyr. Jyns gatnaşyklarynyň irki ýaşda başlanmagy jynslaryň ikisiniň hem saglygyna ýaramaz täsir eder.

Eger-de jyns gatnaşyklary ýaşy ýeten iki adamyň razylygy bilen we howpsuz ýagdaýda bolsa, onda ýaramaz zat ýok. Eger-de biz çaga bilen jyns gatnaşyklary hakynda gürrüň etmekden gaçýan bolsak, üstesine ol oňaýsyz soraglary berende oňa käýeýän bolsak, onda biz çaganyň jyns gatnaşyklarynyň gadagan zatdygy hakynda düşünje almagyna getirýäris. Netijede çagalar utanjaň hem dymma bolup ýetişýärler, şahsy durmuşyny kynlyk bilen gurýarlar, ýa-da ene-atanyň gözegçiliginden sypyndygy ýaramaz zatlara baş goşýarlar.