Edebiýat bilen dowam etmeli

Kähalatlarda ene-atalaryň özleri hem bu barada doly maglumat bilmeýän wagtlary bolýar. Köp adamyň durmuşynda söýgi, toý we diňe şolardan soň galan zatlar bolup geçendir. Şonuň üçin hem olar ahlak kadalarynyň özgeren döwründe çagalary bilen nädip gürrüňdeş bolmalydygyny bilmän galýarlar. Bu gürrüňdeşlik bolsa, olaryň ömrüni halas edip biler.

Bu ýagdaýda çykalga bar — çaga assyrynlyk bilen şu mowzuga degişli kitap gowşurmaly. Kitaplarda ähli zat ulgamlaşdyrylan bolýar. Özüň hem ondan okap bilersiň.

Ýa-da ygtybarly makalanyň internet salgysyny (lukman bilen deslapdan ylalaşyp bolar) oklamaly. Bu usulyň artykmaçlyklary köp: birinjiden, özüň çaganyň öňünde ýüzüň gyzaryp, sakawlap durmaýarsyň; ikinjiden, öň bellenilip geçilişi ýaly, kitapda ähli zat ulgamlaşdyrylyp berilýär. Bilimlerini kitap ýa-da internetdäki makala bilen deňeşdirip görmek ýetginjek üçin bu mowzuk boýunça ene-atasyndan soranyndan ýeňil düşer.

Elbetde, eger-de özüň çaga ähli maglumatlary jikme-jik aýdyp berseň, jogap reaksiýany alsaň, mowzugy düýpli maslahatlaşsaň — bu, eýýäm, maglumatlaryň özleşdiriljekdigine kepil berip biler. Ýetginjegiň kitaby okajakdygy ýa-da internet salgysy boýunça makalany tapjakdygy welin delil däl. Umuman, ahyrsoňunda gürrüňdeş bolmak gerek...