Gürrüňe başlamak

Gynansak-da, kitaplardyr makalalar meseläniň doly düşündirişini bermeýär we ynamsyzlyk ýagdaýy güýçlendirýär. Ýetginjekler kontrosepsiýanyň ähli usullary hakynda doly bilýärler, ýöne edepli adamlaryň bu barada gürrüň etmeýändigini duýýarlar. Olar prezerwatiwiň diňe bir islenmedik göwrelilikden däl, eýsem, jyns gatnaşyklary arkaly geçýän kesellerden hem goraýandygyny bilýärler. Muňa garamazdan, olar bu peýdaly önümi dermanhanadan soramakdan ýa-da ýoldaşyna ony ulanmagy teklip etmekden çekinýärler.

Şonuň üçin hem gürrüňden gaçyp gutulyp bolmaz. Eger-de siz çaga bilen şol bir edebiýaty aýratynlykda özleşdiren bolsaňyz, onda gürrüňleşmek üçin mowzuk tapylar. Iň esasysy — başlamak.

Gürrüňe başlamaly adam hem hut siziň özüňiz bolmaly. Çaganyň şähtiniň açyk, rahat hem-de ruhubelent halda wagtyna garaşyň. Oňa gürrüňdeş bolmagy teklip ediň. Gülkünç ýa oňaýsyz halda görünmekden gorkmaň. Bu ýeňil mowzuk däl, bu duýgular diňe bir sizi bimaza etmez. Iň esasy zat — ýetginjege siziň onuň tarapyndadygyňyzy we oňa diňe gowulyk isleýändigiňizi düşündirip bilmek.

Möhüm! Gürrüňdeş bolanyňyzda sakynmajak, gyzarmajak boluň. «Söýgi» ýa-da «şu zat bardyr-a» ýaly ewfemizmleri (sypaýy sözleri) ulanmajak boluň. Çaga düşünjäniň öz manysynyň bardygyna düşünmeli. Eger-de siz «jyns gatnaşygyny» «söýgi» diýen söz bilen çalyşsaňyz, onda o gürrüň netijesiz bolar. Şonuň üçin hem gürrüňe başlamazdan öň aýtjak zatlaryňyzy saýhallaň.