Gürrüňi nädip hem haçan başlamaly?

Ýetginjekleriň ählisiniň ejesi ýa-da kakasy — lukman ýa-da lukmançylyk ugrundan žurnalist bolup işlemeýär. Şonuň üçin hem maşgalanyň öz içinde bu mowzukdan nazary taýdan doly derejede baş çykarýan adamyň bardygy gümanadyr. Mekdep bu mowzukdan mümkin boldugyndan gaça durýar. Ýagny, sapaklarda we klas sagatlarynda kontrosepsiýa (goranmak) temasynyň üstünde durlup geçilýär, ýöne gümürtik gürrüňler, mowzukdan göni geçmek bilen gürrüň edilýär. Çünki bu barada «gürrüň etmeli däl».

Köpçülikleýin lukman gözegçiliginden geçilende bolsa, öz borçlaryny ýerine ýetirip, artykmaç  wagty bolmansoň, öňüni alyş arassaçalyk we jyns gatnaşyklaryna giriş gürrüňdeşligini geçirmäge ýykgyn etmeýärler. Şonuň üçin hem jogapkärçilikli ene-atanyň edip biljek iň gowy zady — ýetginjegi lukman gözegçiligine äkidip, ony gyzyklandyrýan «oňaýsyz» soraglary bermekdir.

Ýetginjegiň özüniň hem şahsy bedeni barada has köpräk bilip, şübhelerini siziň bilen paýlaşasy gelmegi mümkin. Bu meselede lukman ynanylan wekil hem-de maglumatyň ygtybarly çeşmesi bolup biler. Şeýdip ol öňüni alyş arassaçylyk lukman gözegçiliklerine (hökmany suratda jyns gatnaşyklary bilen bagly däl) kadaly bolmaly çäre hökmünde garap başlar we şahsy saglygy meselesinde has işjeň hem-de özbaşdak bolmagy öwrener.