Ikiçäk gürleşmek gorkusy

Köp maşgalalarda jyns gatnaşyklary mowzugy — gadagan edilen mowzuklaryň hatarynda durýar. Munuň sebäbine o diýen ähmiýet berilmeýär. Iň esasy zat — jyns gatnaşyklary hakynda öýde hiç hili hem-de hiç kim gürrüň etmeli däl.

Şonuň üçin hem çagalar menstruasiýa, jyns gatnaşyklary, kontrosepsiýa (goranmak) hakynda dürli ýerlerden, kähalatlarda bolsa, örän ygtybarsyz çeşmelerden — joralarynyň gybatyndan, internetde ýerleşdirilen makalalardan, «sary metbugatdan» we gysga görnüşde jyns gatnaşyklary görkezilýän filmlerden bilýär.

Bu mesele. Çünki bu hili çeşmelerde berilýän maglumatlar köplenç halatda ýa-ha hakykatdan üzňe bolýar, ýa-da ony tanalmaz derejede ýoýýar. Çaga bolsa maglumat almaga derek, klişeleriň we çaklamalaryň toplumyny alýar.