Reklamadan başlamaly

Çagalarymyzda Internetiň bardygy başlangyç artykmaçlygymyzdyr. Telewizor boýunça hem prezerwatiwleriň reklamasy görkezilýär. Şonuň üçin hem häzirki çagalar, iň azyndan, prezerwatiw diýen zadyň bardygyny we islenmedik göwrelilikden goraýandygyny bilýärler. Ýöne jyns gatnaşyklarynyň üsti bilen geçýän kesel barada welin reklamalarda ýa-ha juda az agzalýar, ýa-da aslam ilkinji nobatda bilnäýmeli zat aýdylmaýar.

Ýeri gelende, eger-de öň maşgalada jyns gatnaşyklary we kontrosepsiýa hakynda gürrüň etmek bolmaýan bolsa, onda telereklama — bu mowzuk hakynda söz açmak üçin oňat mümkinçilikdir. Bu barada tebigy ýagdaý hökmünde, şonuň üçin hem utanç däl zat hökmünde gürleşmeli.