Başa-baş göreş

Boks, jiu-jitsu ýa-da taekwan-do — zenanlaryň sporty däl diýip kim aýdypdyr? Başa-baş göreş bilen meşgullanylanda reaksiýaň we pikirlenişiň tizligi, çeýeligiň, batyrgaýlygyň, garşydaşyň hereketlerini öňünden aňmak we öz güýjüňi dogry kesgitlemek endikleriň artýar. Garagollara gaýtawul bermek we öz-özüňi goramak başarnygy-ha hemişe-de gerek bolar.

Şol bir wagtyň özünde, ringde burnuňdyr gaşyňy çapyp, sportda iň ýokary basgançaga çykjak bolup dyrjaşmak hökman däldir. Mysal üçin, Gal Gadot, Adriana Lima we Irina Şeýk sportuň söweş sungatlary bilen diňe özleri üçin meşgullanýarlar.