Basketbol

Sportuň toparlaýyn görnüşleriniň islendigi ýaly, basketbol hem deň-duşlaryň bilen hemişe aragatnaşykda bolmagy, goldaw duýmagy we toparyň möhüm agzasydygyňy bilmegi öwredýär. Toparda hereket etmek jogapkärçiligi, rehimdarlygy we reaksiýaň tiz bolmagyny kemala getirýär. Galyberse-de, elmydama hereketde bolmak, toparyň goldawyny duýmak bu hemmeleri begendirse gerek.

Artykmaçlyklar: daýanç-hereket agzalaryň işini, hereketleriň sazlaşyklylygyny gowulandyrýar, bil oňurgaň dogry kemala gelmegine ýardam edýär. Sportuň elýeterli bolmagy, köpsanly bäsleşikleriň geçirilmegi, gazanç etmek mümkinçiligi hem artykmaçlyklaryň hatarynda.

Zenanlar basketboly we basketbolçy zenanlaryň özleri toparlaýyn sportuň zenanlar üçin görnüşleriniň içinde iň ýörgünlisidir. Hatda boýuň o diýen uzyn bolmasa-da, wagtyňy hoş geçirmek üçin sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp görmek bolar.