Sport tanslary, gimnastika, figuralaýyn typmak

Ilki bilen, öz-özüňe diň salmakdan başlamaly. Sen näme bilen meşgullanmak isleýärsiň, iň esasy hem, näme üçin meşgullanmak isleýärsiň?

Bedeniň gelşikli bolmagy we artykmaç agramyň bolmazlygyny gazanmak isleseňiz, sport tanslary, gimnastika ýa-da figuralaýyn typmak ýerine düşer. Sportuň bu görnüşleriniň ählisinde hereketleriň utgaşykly, emaý bolmagy, sazlaşyklylyk endikleri kämilleşýär. Şeýle hem ritm duýgusy we synpdaşlaryňyzdyr dostlaryňyzda täsir galdyryp biljek saza laýyk hereket etmek duýgusy ösýär.

Sportuň bu görnüşinde bäsdeşlik örän çekeleşiklidir. Şonuň üçin hem eger-de bu sportlar bilen doly derejede meşgullanmak isleseňiz, türgenleşiklerde yhlasyňyzy gaýgyrmaly däldir.

Ýöne ýaňy başlan türgen gyzlar üçin tans sporty, figuralaýyn typmak we gimnastika sportuň beýleki görnüşlerine geçmek üçin oňat başlangyç bolar. Çünki başlangyç tapgyrda bedeniň ähli agzalary işjeňleşýär.