Tennis

Tennis sporty hem gyzlara ýarap biler. Tennis sportuň owadan hem aristokratik görnüşleriniň biri. Mariýa Şarapowa, Mendi Minella, Ejeni Buşar we beýleki meşhur tennisçi zenanlar bütin dünýä bellidir we öwrenje tennisçileriň aglabasy üçin nusgalyk mekdep bolup durýarlar. Tennis arkaly köp zady gazanyp boljakdygynyň aýdyň mysaly bolýarlar.

Tennis bedeniň funksiýalaryny we mümkinçiliklerini ösdürýär, myşsalaryň ählisini diýen ýaly herekete getirýär, görüş ukybyňy, pikirleniş tizligiňi gowulandyrýar. Bedeniň gelşikli bolmagyna getirýär. Ýöne bu sportda hem şikes almaga we ýiti bäsdeşlige taýýar bolmaly.