«Ulularyň» berhizini tutjak bolmaň

Ýetginjekleriň çaga däldigine garamazdan, ýagny olaryň eýýäm çaga däldigini, ýöne uly hem däldigini boýun almaly. Şonuň üçin hem žurnal sözbaşylarynyň şowhunly wasp edýän berhizleri köplenç ýagdaýda size laýyk gelmeýär. Horlanmak üçin iýmitlenmek ulgamy adatça işjeň ýagdaýda ösmegini tamamlan we zyýan ýetirmesiz iýmit möçberini azaltmak mümkin bolan beden üçin işlenip taýýarlanýar.

Ýöne ýetginjekler üçin bu örän howply bolup biler. Bedeniň ähli ulgamlary işjeň ösüş tapgyrynda bolýar – daýanç-hereket apparaty, ýürek-damar ulgamy, nerw we neslegeçiji saglyk ulgamy kemala gelýär. Eger-de olary «gurluşyk materialdan» kesseň — iýmitden alynýan dürli görnüşli peýdaly zatlardan aýyrsaň, onda bu beden üçin ýaramaz netijelere getirer.

Ýetginjek üçin berhiz indiwidual ýagdaýda, onuň fiziki başarnyklaryny, işjeňlik derejesini we beden gurluşygyny nazara alyp işlenip düzülmelidir. Ýöne şol bir wagtda umumy kadalar hem bar.