Süýji tagamly gazly suwa «ÝOK!» diýiň

Ýok. Anyk ýok. Horlanmak isleýärmiň, süýji tagamly gazly suw barada asla-da pikir etme. Bu hili içginiň 250 ml-de siziň iki günlük maksimal normaňyza deň bolan şeker bar. Galyberse-de, gazly suwuň ýanynda ýene-de bir zatlar bolýar ahyry: ýagly, gowrulan, duzlanan. Netijede bolsa, artykmaç kilogramlar ýene-de dolanyp geler.

Süýji tagamly gazly suwa derek — miwe şireleri we suw bar. «Şekersiz» ýa-da «0 kaloriýa» ýaly süýji tagamly gazly suwlar hem muňa laýyk gelmez.

Üstesine, süýji tagamly gazly suwdan el çekseňiz, deriňizdir dişleriňiz hem size sagbolsun aýdar. Diş syrçasy goralyp saklanar, eger haýsy hem bolsa bir kesel zerarly ýüze çykmadyk bolsa, düwürtikleriň sany azalar we çişler aýrylyşyp başlar.