Oňatja oýlanyň

Eger-de siz kimdir biri üçin — oglan ýa-da gyz, dostlaryňyz, ene-ataňyz üçin horlanmak isleýän bolsaňyz, gaýtadan ýene bir gezek oýlanyp görüň. Eger-de häzirki wagtda şu durşuňyz özüňize ýaraýan bolsa, kimdir biri üçin üýtgemek zerurmy? Siziň sarp etjek wagtyňyz we tagallalaryňyz şuňa degýärmi?

Horlanmagyň näderejede SIZIŇ kararyňyz hem-de SIZIŇ islegiňizidigini anyklamak üçin ýönekeý usul bar. Aýnanyň öňüne geçip, soraga jogap beriň: onda görünýän keşp size ýaraýarmy ýa-da ýok?

Eger-de jogap «Hawa» bolsa, onda ikinji soragy beriň: «Näme üçin men horlanmak isleýärin?». Iň esasy zat, öz-özüň bilen dogruçyl bolmak.

Eger-de jogap «Ýok» bolsa, onda işiň esasy ýollaryny kesgitlemeli we horlanmaga girişmeli.