Bu işe ene-ataňyzy çekiň

Gelşiklilige tarap gadamlaryňyzy ene-atalaryňyz bilen gürleşmekden başlaň. Çünki köplenç halatda nahar tarapyna eje jogap berýär, hut ejäniň taýýarlaýan tagamlary ertirlerine hem agşamlaryna saçak başyny bezeýär.

Ejeňiz bilen aç-açan gürleşiň hem-de horlanmak isleýändigiňizi oňa düşündiriň. Goý, siziň aýdýan zatlaryňyz «parallel klasdaky Jeren ýaly bolasym gelýänligim üçin» ýaly däl-de, delilli gürläň!

Elbetde, ejeňiz siziň saglygyňyz üçin aladalanar. Ýöne siz bu mowzuga çynlakaý çemeleşjekdigiňize — öz-özüňizi 40 kilograma getirmejekdigiňize, galyberse-de, kadaly hem wagtly-wagtyna iýip-içjekdigiňize wada etseňiz, ejeňiz siziň iň esasy ýardamçyňyz bolar.

Indiki wezipe — kakaňyz bilen gürleşmek. Bu hem ýeňil iş däl. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Erkekler adatça işden soň käşirli işdäaçarlardyr kabaçkili kotletler bilen iýmitlenmäge kaýyl bolmaýarlar. «Horlanmak» hem-de «dogry iýmitlenmek» sözleri etsiz nahar bilen deňeşdireniňde olarda bir ýere sygyşmaýan düşünjeleri düzýär.

Aslynda berhiz menýusy etden büs-bütin el çekmeýär. Galyberse-de, bu hili menýu işden soňra bary-ýogy ýarym sagadyň dowamynda ýönekeýje önümlerden taýýarlap boljak dürli-dürli tagamlary öz içine alýar.

Ine, siz hut şuny maşgalaňyza subut etmeli bolarsyzyň. Eger mümkinçilik bolsa-ha bu tagamlary özüňiziň taýýarlajakdygyňyza söz bermeli. Beýle etmek bilen siz tagamyň taýýarlanylyşyna gönüden-göni özüňiz gözegçilik edip bilersiňiz we ýakynlaryňyzy dürli-dümen süýjülikler bilen begendirersiňiz.