Sport zerurdyr

Indi bolsa sport barada. Horlanmakda bedeniňi üýtgeşmelere we artykmaç herekete taplamak zerurdyr.

Beden üçin adaty bolan kilogramlary aýyrmak — hemişe-de dartgynlylyga getirýär. Hatda artykmaç agramy ýok etmek lukmançylyk taýdan zerurdygyna garamazdan şeýledir. Şonuň üçin hem sport maşklary tejribeli tälimçiniň gözegçiligi astynda ýerine ýetirilmelidir. Tälimçi Siziň üçin aýratyn programma işläp düzýär we ondan siziň heniz başaryp bilmejek maşklaryňyzy aýyrýar.

Eger-de siz sportda öwrenje bolsaňyz, onda sportuň bedeni umumy berkidiji görnüşlerine — suwda ýüzmeklige, welosporta, ylgamaklyga ýöriteleşmek gerek. Eger-de täze dostlary tutunmak hem-de wagtyňy hoş geçirmek isleseňiz, onda sportuň toparlaýyn görnüşleri — futbol ýa woleýbol bilen meşgullanyp bolar.