Ýürekselik ediniň

Ajykdyňyzmy, günortanlyk ýa agşamlyk naharyna çenli bolsa heniz wagt barmy? Ýürekselik ediniň. Ýatdan çykarmaň, aç gezmek ≠ horlanmak bilen deň zat däldir.

Dietolog lukmanlaryň geçiren barlaglaryna görä, günüň dowamynda 5 gezekden az garbanmaly däl — üç gezek doýa garna, birnäçe gezek bolsa miweler, gury iýmişler, gematogenler bilen ýeňiljek hem peýdaly garbanmaly. Beýle etmek bilen siz açlyk duýgusyny aýrarsyňyz we bedene artykmaç agram salmarsyňyz. Kaloriýalar bolsa energiýa tiz özgerer.

Günortanlyga çenli aç garna gezip bolmaz. Eger-de, siz ýürekse edinseňiz, onda tagamlara açgözlük bilen topulmarsyňyz. Netijede bolsa, az mukdarda iýmitden doýarsyňyz.