Haýsy hem bolsa bir zyýanly «gowşaklyga» ýol beriň

Zyýanly iýmitler — çipsiler, burgerler, pagta süýjüler we beýleki lezzetler — adatça şeýle bir tagamly bolýar. Olardan ýüz döndermek şeýle bir kyn welin, asla mümkin hem däl. Ýöne horlanmak kararyna geldiňmi, eglişik bolmaz: ýaha popkorn we gazly suw ýa-da artykmaç kilogramlar.

Özüne oňat erk edip bilýänler üçin iýmit menýusynda haýsy hem bolsa bir zyýanly «gowşaklyga» ýol bermek mümkinçiligi bar. Eger-de mekdep aşhanasyndaky mini-pizzasyz oňup bilmeýän bolsaňyz, zyýany ýok, iýiberiň. Ýöne galan zatlaryň ählisini gadagan etmeli. Kolany mineral suwa, duzlanan çörek bölejiklerini bolsa miwelere, mysal üçin, alma çalşyň.