Şahsy başarnyklar we ymtylyşlar

Çagaňyz çydamlylygy, janypkeşligi hem-de deňagramlylygy bilen tapawutlanýarmy? Diýmek, oňa sportuň tehniki taýdan çylşyrymly görnüşleri — suwda oýlalýan polo, woleýbol, gandbol, basketbol laýyk geler.

Top oýnamak ýaraýarmy? Onda basketbol, suwda oýnalýan polo, woleýbol, gandbol, regbi, futbol we hokkeý (derwezeban) saýlap bolar. Iň gowusy, sportuň bu görnüşleri boýunça ýaryşlara tomaşa ediň we çagaňyz bilen bu sportda nämäniň özüne çekendigini gürleşiň.

Ylgamagy halaýarmy? Ylgamak uzak wagtlap irizmeýän bolsa, bu hili çaga futbol ýa-da hokkeý (hüjümde), regbi, basketbol, gysga hem uzak aralyga ylgamak, päsgelçiliklerden aşyp ylgamak sporty ýerine düşer. Galyberse-de, tizlik — dogabitdi görkezijidir. Ony öwrenip bolmaýar, türgenleşikler bilen bolsa, bu başarnygy 10% artdyryp bolýar.