Boý we beden gurluşy

Ýetginjegiň fiziki görkezijileri hem oňa laýyk gelýän sporty saýlamak üçin möhümdir. Boýuň uzyn bolmagy basketbolda we woleýbolda gerekdir. Sportuň bu görnüşlerinde boýuň uzyn bolmagy ykjamlykda we tizlikden has ileri tutulýar.

Semizje çagalara hokkeý ýa-da regbi laýyk geler, sportuň bu görnüşlerinde agram has möhümdir.

Boýy uzyn bolmadyk ýetginjekler gimnastika (çeper we sport gimnastikasy), tans, tennis, ok atmak we ş.m. sport bilen meşgullanyp bilerler.