Iň gowusy irki ýaşdan başlamak

Iň gowusy çagany sporta irki ýaşdan — üç ýaşlaryndan çekip başlamaly. Fiziki işjeňlik, umumy berkidiji bedenterbiýe taýýarlygy, çagalar ýogasy çaga üçin peýdalydyr. 5-7 ýaşlardan başlap, eýýäm has agyr maşklara geçip, sportuň belli bir görnüşinde saklanmak bolar.

12-14 ýaşda hem gijä galandyrys öýdüp alada etmäň. Iň esasy zat, ýetginjekde sporta bolan gyzyklanmany zor bilen däl-de, onuň bilen bedenterbiýe maşklarynyň getirýän peýdasy barada, uzakly gün mekdep partasynda oturylandan soňra bedeniňi taplamagyň zerurdygy barada gürrüňdeşlik etmek arkaly oýarmaly.

Möhüm! Sporty özbaşdak saýlamazdan ozal, lukmana ýüz tutuň. Lukman çaganyň bedeniniň umumy ýagdaýyny anyklar we ýörite güwänama berer. Sport gurnaklarynyň hiç biri hem saglyk barada güwänama bolmasa, çagany kabul etmez.

Sportuň haýsy hem bolsa bir görnüşiniň gadagan edilmegi, onuň beýleki görnüşlerini hem gadagan etmäni aňlatmaýar. Eger-de çaganyň saglygy gowşak bolsa, onda onuň başaraýjak sportuny saýlamaly. Eger-de lukman tarapyndan gadagan etmeler bar bolsa, onda lukmanyň özi oňyn maslahaty berer.