Sportuň islendik görnüşi...

Sportuň islendik görnüşi sabyrlylygy, çydamlylygy, maksada okgunlylygy, ýeňşe bolan erki we elmydama öz üstüňde işlemek ýaly gowy endikleri terbiýeleýär. Çagaňyza sportuň haýsy görnüşini saýlan hem bolsaňyz, ol oňa geljekde hökmany suratda oňaýly täsirlerini berer. Sport çaga bedenini berkidýär, ony has çydamly edýär, beýniniň işini ösdürýär, çözgüt kabul etmek tizligini ýokarlandyrýar, öňüňde maksat goýmaklygy we oňa ýetmegi terbiýeleýär.

Özüňizi gyzyklandyrýan sport seksiýasyna nädip ýazylmalydygy hakynda maglumat bilmek üçin Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň telefon belgiler: 92-75-36, 92-79-72, 92-36-01