Toparlaýyn sport

Toparlaýyn sporty saýlamak isleseňiz, ýetginjekden haýsy sporty halaýandygyny soraň, bilelikde dürli ýaryşlara tomaşa ediň: futbol, hokkeý, woleýbol, basketbol we beýlekiler.

Toparda özara aragatnaşyk — bu diňe bir fiziki işjeňlik bolman, eýsem, sosial işjeňlikdir. Sportuň toparlaýyn görnüşleri köplenç ekstrawert-ýetginjeklere — köpçülik bilen gürrüňdeşlik etmäge açyk adamlara laýyk gelýär. Bu hili adamlar üçin toparda bolmak, aragatnaşyk etmek wajypdyr.

Şonuň üçin hem, sport seksiýasyny saýlamazdan öňürti, ýetginjegi synlap görüň. Ol boş wagtyny nämä sarp edýär? Dostlary bilen üýşüp oturmagy halaýarmy ýa-da wagtyny ýekelikde geçirmegi? Çaganyň häsiýetini dogry kesgitlemek örän wajypdyr. Çünki ýetginjegi oňa ýaramaýan seksiýa getirip, onda sporta bolan höwes bilen birlikde, siziň maslahatlaryňyza bolan ymtylyşy hem ömürlik mahrum edip bolar.

Möhüm! Introwert-çagany — köpçüligi we goh-galmagaly halamaýan ýetginjegi topara berip, ol sosial taýdan has işjeň bolar, kitap okamaga derek (mysal üçin) çagalar bilen has köp aragatnaşyk eder diýip pikir etmeli däl. Alynjak netije tersine hem, hatda pajygaly hem bolup biler — çaga topar bilen aragatnaşyk etmek kyn düşer, meseleler ýüze çykar, netijede çaga daşky dünýäden çetleşer gider.