Ýetginjekler we alkogolizm — ýaramaz sazlaşyk

Tomsuna şüweleňlerde dynç alyp, dostlaryň bilen wagtyňy geçiresiň gelýär. Köplenç bolsa bu hili şagalaňyň hemrasy alkogol bolýar. Ýoldaşlaryň bilen alkogolly içgileri içmeklik — bu mertebe meselesi. Ondan hemmeler ýüz dönderip bilmeýär. Ýogsa näme, çaga ýa özüni oňarmaýan däl ahyry. Galyberse-de, gadagan edilen zat süýji bolýar.

Geçiş döwri — ýetginjegiň daşky täsirlere has köp düşüp biljek ýeňil bolmadyk döwrüdir. Şonuň üçin hem şu döwürde ýetginjekler dürli hili endiklere ýeňil baglanýarlar. Hut şonuň üçin hem ýetginjekleriň arasynda alkogolizmiň öňüni almaklyga üns bermek möhümdir.

Hatda az mukdarda hem spirtli içgiler ýetginjegiň ösüp barýan organizmine düzedip bolmajak zeper ýetirip bilýär. Iň az mukdardaky içgiler hem düýpli zyýan ýetiriji bolýar. Mundan başga-da, alkogolizmiň, ululara garanyňda, ýetginjeklerde 3-4 esse tiz formirlenýändigi subut edildi.

  1. Ýetginjekler we alkogol bir ýere sygyşmaýar
  2. Näme üçin isleg döreýär??
  3. Nädip goranmaly?
  4. GEÇIŞ