Nädip goranmaly?

1. Aragatnaşyk etmeli

Ene-ataň, dostlaryň, tanyşlaryň bilen aragatnaşyk etmeli, gyzyklanmalaryň çägini giňeltmeli we öz-özüňi çetleşdirmeli däl.

2. Güýmenje tapmaly

Islendik hemişelik güýmenje — sport, saz bilen meşgullanmak, surat çekmek, beýleki bir güýmenje — alkogol içmäge bolan ýaramaz islegden goragdyr. Eger-de gyzykly güýmenjäň bolsa, ýaramazlyklara asla wagt galmaz.

3.Aragatnaşyk edýän adamlaryňy öwrenmeli

Köplenç ýagdaýda alkogoldan ilkinji gezek dostlaryň ýanynda dadyp görülýär. Dostlaryň ýanynda çaga ýa-da özüni oňarmaýan bolup görünmek islemeýärsiň — şeýdibem, eliňde bulgur ýa-da kiçijik stakan peýda bolýar. Ýöne siziň bilen wagtyny geçirmegi üçin belli bir şertleri berjaý etmeli bolýan adamlara öz wagtyňy sarp etmek gerekmi? Bu gün siz «özüňizi aldyrmak üçin içmeli». Ertir näme etmeli?

Hakyky dostlar — siziň şol durşuňyza — ähli kemçilikleriňizdir ýetmezçilikleriňiz, geň gyzyklanmalaryňyz we endikleriňiz bilen kabul edip bilýän adamlardyr.

4.Öz-özüňe ynanmaly

Elmydama özüňi gerekli, ähmiýetli hem aýratyn adam hökmünde duýasyň gelýär. Biziň göwnümize, beýlekileriň bizi gowy görmekleri üçin biz hökmany suratda nämedir bir zat etmeli ýaly bolýarys. Ýöne beýle «gözükdirmeleriň» güýji ýok. Köplenç ýagdaýda bizi diňe barlygymyz üçin — hut şu durşumyza, bolşumyzdan has üýtgeşik, gyzykly hem meşhur görünmäge bolan ymtylyşsyz söýýärler.

5. Görelde almaly

Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgeleri — köpçülikleýin medeniýetiň bir bölegi. Alkogol içmek welin oňa asla sygyşmaýar. Meşhur adamlaryň, media-personlaryň ýa-da bolmasa, hatda kitapdaky gahrymanlaryň içinden özüňe görelde tutunyň hem-de olaryň göreldesine eýeriň. Gün tertibiňizi berjaý edip, sport arkaly sagdynlygyňyzy berkidiň.

6. Ene-atalar bilen gürleşmeli

Geçiş döwründe ýetginjekleriň köpüsi üçin ene-atalarynyň eýeleýän orny düýpli aşak düşýär. Ýöne muňa garamazdan, bu adamlar heniz hem bolsa sizi dünýä getiren adamlardyr. Olar sizi gowy görýärler we size diňe gowulyk isleýärler. Olar bilen täzeden dil tapyşyp, gaýtadan aragatnaşygy ýola goýmaga synanyşyň. Şonda siziň ýene-de ygtybarly daýanjyňyz bolar we siz tutuş dünýä çagyryş edip bilersiňiz — çünki, ene-ataňyz sizi elmydama goldar.