Näme üçin isleg döreýär??

-         Kinoda, telewideniýede, reklama neşirlerinde gahrymanlar köplenç alkogol içýärler;

-         Alkogol — «ýetişen adamlaryň» medeniýetiniň bir bölegi, özbaşdaklygyň, ýetişenligiň, batyrlygyň alamaty (hakykatda welin, BEÝLE DÄL. Oňa derek zyýan ýetirip biljek zatdan ýüz dönderip bilmek welin, HAWA).

-         Töwerek daşyňda kimdir biri setanda-seýranda bolsa-da alkogol içýär — ene-atalar, deň-duşlar, goňşular;

-         Ene-atalar basýar, aşa hossarlyk edýärler. Topalaň turzasyň gelýär;

-         Jyns gatnaşyklaryna ir başlamak bilen (rast ulaldyňmy, diýmek, eýýäm bolýar);

-         Maşgaladaky dawaly ýagdaýdan, mekdepde ýetişip bilmezlikden, aragatnaşyk etmekdäki kynçylykdan çykmagyň usulyny gözlemek we dünýäde öz ornuňy gözlemek jogapkärçilikden we çykgynsyzlyk duýgusyndan gaçmak;

-         Seýrek ýagdaýlarda ýetginjegiň şahsynyň şowsuz göwrelilik zerarly aň ýetmezçiligi, dogrum we kelle-beýni şikesleri, fiziki we psihiki ösüşiň yza galmagy bilen bagly aýratynlyklary üçin.