Ýetginjekler we şikesler: ene-atalar näme etmeli?

Ýetginjek ýaşlar daşyny gurşap alýan dünýäni, ene-atalaryny, galyberse-de, özlerini synagdan geçirmekden irmeýärler. Ýetginjeklik asyrlarboýy üýtgemese-de, daşymyzy gurşap alýan dünýä özgerdi. Baryp öňki nesil rolikde, skeýtbordlarda hem-de welosipedlerde wagtyny geçiren bolsa, bu gün olar bu zatlaryň ählisini köpsanly internet-tomaşaçylary üçin edýärler. Ýekeje şowly düşülen surat üçin janlaryny howp astyna salýarlar. Daş-töweregi welin, gör, nähili howp-hatarlar gurşap alýar!

Perzentleriniň şular ýaly bir işe meşgul bolmaklary ene-ata üçin uly bir çagyryş. Şol bir wagtda çagaňa janyny howp astyna salmagy gadagan edesiň gelýär, şol bir wagtda hem onuň işjeňligini goldamak isleýärsiň. Elbetde, bu zatlary oňa gadagan edip, onuň iň bir ganym duşmanyna öwrülmegi hem hiç kim islemeýär.

  1. Köçede öz-özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada gürrüň beriň
  2. Üns bermeli meseleleri kesgitläň
  3. Sport bilen meşgullanmagy teklip ediň
  4. Bardy-geldi bir zatlar bolaýsa...