Bardy-geldi bir zatlar bolaýsa...

Eger-de bardy-geldi nämedir bir zatlar bolaýsa, ýetginjege käýemäge ýa-da «Gözden saldyk-da!» diýip, öz janyňy ýakmaga howlukmaly däl. Ilkibaşda, oňa ilkinji lukmançylyk kömegini bermeli, lukmandan şikes barada, ony bejermegiň usullary hakynda soraşdyrmaly.

Diňe şondan soňra asuda, parahat aň bilen çagaňyzyň nädip şikes alandygyny oýlanyp görüň.

Eger-de çaganyň seresapsyzlygy zerarly şikes alnan bolsa, onuň bilen gürleşip, bu ýalňyşlyklaryny gaýtalamazlygyny düşündirmäge çalşyň.

Eger-de şikes alynmagyna başga biri günäkär bolsa, hakykaty agtarjak boluň. Mümkin, siziň janypkeşligiňiz we günäkäri jogapkärçilige çekmegiňiz şular ýaly ýagdaýlaryň beýleki çagalarda gaýtalanmagynyň öňüni alyp biler.

Çaganyň iň bir ownujak şikesini hem ünsden düşürmäň. Dogry, köplenç ýagdaýda sypjyrmalardyr gök-alalar o diýen ähmiýetli däl bolup biler. Ýöne kähalatlarda bu şikesler çaganyň seresapsyzlygyna däl-de, toplumlaýyn bir meseläniň — mekdepde topara goşulyp bilmeýändigi üçin çaganyň beýleki çagalar bilen uruşmagy, öz-özüne bolan ynamy ýokarlandyrmak üçin özüne we beýlekilere nämedir bir zatlary subut etmäge bolan synanyşyklaryň, üns ýetmezçiliginiň we beýleki köp sanly meseleleriň bardygynyň alamaty bolup biler.

Çaganyň durmuşynda nämeleriň bolup geçýändiginden, iň esasy hem, näme üçin bolup geçýändiginden hemişe habardar boluň.