Köçede öz-özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada gürrüň beriň

Ene-atalara uly jogapkärçilik düşýär. Ilkinji nobatda, olar çagalaryna köçede öz-özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmeli. Köçe-ýol hereketiniň düzgünleri hem muňa degişlidir.

Ýol-ulag hadysalary agyr netijelere getirýär. Ýol-ulag hadysasyna sezewar bolan ýetginjekleriň aglabasy pyýadalar ýa-da welosipeddir moped sürüp barýanlar. Bu hili hadysalar çagalaryň köçäni rugsat edilmedik ýerinden kesip geçende, gulagyna saz diňlenilýän enjamy dakyp, ýakynlaşyp gelýän awtomobili eşitmän galanda, köçä birdenkä ylgap çykanda ýa-da egin-eşiklerinde ýagtylygy serpikdiriji elementler bolman, günüň garaňky wagtynda herekete gatnaşýanlara görünmeýän ýagdaýynda bolup geçýär.

Çagaňyzyň howpsuzlygynyň siziň üçin ilkinji nobatdaky zatdygyny oňa düşündirjek boluň. Eger-de, ol köçäni gadagan edilen ýerden kesip geçmän, ýörite pyýada geçelgeden geçenligi sebäpli sapaklaryna ýa-da öýe gijä galyp gelse, munuň üçin käýejek bolup durmaň.

Pyýada geçelgede ähli ulaglaryň pyýada ýol bermelidigine garamazdan, sürüjileriň ählisiniň bu kadany berjaý edip barmaýandygyny düşündirip, geçelgede wagty gulagyndaky saz diňlenýäni aýyrmagyny soraň. Gynansak-da, awtomobil sürüjileriniň aglabasy pyýada geçelgelerine ähmiýet bermeýärler, gaýtam, ondan geçip barýan pyýadalary özlerine ýol bermäge borçly hasap edýärler. Ýogsam, ýol hereketiniň düzgünlerinde bu düýbünden tersinedir.

Çagaňyza welosiped süreninde daş görnüşinden utanmaz ýaly, gelşikli gorag başgabyny alyp beriň. Ýörite temperaturany kadalaşdyrýan materialdan tikilen, köp sanly jübüsi bolan, köp dürli reňkleri we ýagtylygy serpikdirijileri bolan ýeňsiz alyp beriň.

Siziň aladaňyz hem bildiren ynamyňyz gadagan etmeleriňizden we haýbatlaryňyzdan has gowy täsir eder. Ýetginjek siziň özüne umyt edýändigiňizi duýar we has ünsli bolmaga çalşar.