Sport bilen meşgullanmagy teklip ediň

Oglanlar gyzlara garanyňda has köp şikes alýarlar. Aýratyn hem, tomus aýlary şikesleriň has köp alynýan wagty hasaplanylýar. Dynç alyşlar, boş wagtlar, wagtyňy hoş geçirmek islegi ýetginjekleri köplenç ýöne bir eýmenç däl, eýsem, janyna howp salyp biläýjek hereketlere iterýär.

Ene-atalar ýetginjegiň gujur-gaýratyny has döredijilikli akyma gönükdirip biler. Fiziki işjeňlik – bu örän ajaýyp. Gowusy çagany sportuň haýsy hem bolsa, bir görnüşi bilen meşgullanmagy üçin sport mekdebine bermek. Bu ýerde çaga ýeke bolmaýar we tälimçiniň gözegçiliginde bolýar.

Bu usulyň netijeliliginiň aýdyň mysaly hökmünde suwda ýüzmek boýunça olimpiýa çempiony we ady rowaýata öwrülen Maýkl Felpsi bellemek bolar. Öz döwründe onuň ejesi Debora Felps oglunyň fiziki işjeňlige bolan höwesini duýup, ony basseýne äkidipdir.

Dostlar bilen gezelenç etmek hem sporta degişli bolup biler. Ýöne sport mekdepleridir gurnaklary çaga adrenalin berer, onuň zerurlyk çekýän emosional täsirini berer. Dartgynlylygyny türgenleşiklerine siňdirip, ol özüni rahat duýar.