Üns bermeli meseleleri kesgitläň

Ir bilen işe gyssanyp barşyna, ýene-de bir taslama bilen başagaýlap ýörşüne ýa-da işden soň ýadap gelip, dynç alyp otyrka ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň nirede näme bilen meşguldygy hakynda känbir oýlanyp barmaýarlar.

SIZ islendik wagt ýetginjek çagaňyzyň nirededigi, nämä meşguldygy we haçan öýe dolanyp geljekdigi hakynda çen bilen hem bolsa bilmäge borçlusyňyz. Geçiş döwründe munuň gözegçilik däl-de, ýöne bir aladadygyny çaga düşündirmek aňsat däldir. Ýöne nähilem bolsa, muny başarjak bolmaly.

Çagaňyza onuň nirdedigini bilmegiňiziň näme üçin zerurdygyny düşündirmäge çalşyň. Onuň şol ýere nädip barjakdygyny we ol ýerden nädip gaýtjakdygyny, nirelerde oňa howp abanyp biljekdigini ýa-da kynçylyk çekip biljekdigini bilmegiňiz üçin munuň zerurdygyny aňlatmaga çalşyň.

Möhüm! Çaga elmydama aragatnaşykda bolmaly. Mobil telefonlaryň eýýamynda aragatnaşyk saklamak siziň şahsy gatnaşyklaryňyza baglydyr. Çagaňyzyň siziň jaňyňyzy bilkastlaýyn öçürmeginiň öňüni almak üçin zerurlyk bolmasa, ony bimaza edip jaň edip durmajakdygyňyzy aýdyň.

Bu sözüňizi saklamaga çalşyň. Çünki ynamy gazanmak kyndyr.