Gün tertibi

Tomsuna adaty gün tertibiňi üýtgetmek bu kadaly ýagdaýdyr. Giç ýatmak, edil şolar ýaly hem, giç turmak bu her bir ýetginjek üçin mälim zatdyr. Ene-atalarymyz bu endigiň peýdasyzdygy hakynda näçe tekrarlaýandygyna garamazdan, beýle etmek diýseň ajaýyp ahyryn.

Eger nobatdaky gezek günortan naharyna çenli ýatyp galan bolsaňyz, özüňizi jezalandyrmaga howlukmaň. Öz günüňizi, mümkin boldugyndan, baýlaşdyrmaga çalşyň: kompýuterdir telewizoryň öňünde wagt geçirmek çykalga däl, smartfonlaryňyza «çümmäň». Dostlaryňyz bilen welosiped arkaly gezelenç ediň ýa-da şäher daşyna dynç almaga çykyň. Ýa-da bolmasa, seýilgählere aýlanyň we ýakymly gezelençleriň ýatda galmagy üçin aýlanan ýerleriňizde surata düşüň.

Günüňizi näçe baýlaşdyryp bilseňiz, şonça-da ýatanyňyzda rahat uklap, ertirlerine ýeňil oýanarsyňyz. Şonda gün tertibiň özi kadalaşyp gider.