Okuwyňy dowam etmäge taýýarlyk

Köpler üçin gutardyş synaglaryň tamamlanmagy «kynçylyklaryň» ahyry däl-de, ýaňy bir başlangyjydyr. Şondan soňra ýokary okuw mekdebine synanyşmak üçin taýýarlyk başlanýar. Siz indi sagatlap kitabyň başyndan turman oturarsyňyz.

Bu, elbetde, dogry. Ýöne bir zady ýatdan çykarmaly däl. Siz hökmany suratda dynç almaly. Dynç alşy işjeň hereket bilen gezekleşdirip durmak hökmandyr. Giriş synaglarynyň öň ýanynda beýniňizi mekdep maksatnamasy bilen mazaly ýükläniňizden soň-ha dynç alyş hökman gerekdir. Gürrüňsiz zerurdyr.

Ene-ataňyz bilen gürleşiň. Giriş synaglaryna taýýarlyk görmäge bada-bat başlap bilmejekdigiňize olar düşünýändir. Özüňiz hem-de tomusky dynç alşyňyz üçin wagt bölüp aýryň: deňze ýa-da oba gezelenje gidiň, dostlaryňyz bilen wagtyňyzy şadyýan geçiriň, peýda getirjek täze zatlary öwreniň.

Synaglara taýýarlanmaga birnäçe hepde işjeň dynç alyşdan soň hem başlap bolar. Günüň birnäçe sagadyny giriş synaglaryň derslerine degişli kitaplary okamaga sarp edip bolar. Ýöne munuň hem wagtyny kadalaşdyrmak zerurdyr.