Saglyk

Tomsuna saglygyňa aýratyn üns bermeli.

А) Gün hem gyzgynlyk urmadan goranyň.

Başgapsyz, saýawansyz we Gün şöhlesinden goraýan äýneksiz öýden çykmajak boluň. Günüň gyzgyn wagty — 13:00-dan 17:00 aralykda köçä çykmakdan saklanyň. Gün şöhlesinden goraýan kremleriň bardygyny ýatdan çykarmaň. Ýanyňyzda içer ýaly suw göteriň.

B) Sowuklamaň.

Paradoks, daşarda howa näçe gyzgyn boldugyça, şonça-da sowuklaýan adamlaryň sany köpelýär. Kondisionerler maksimum güýjünde işledilýär, buzgaýmaklardyr buzly suwlar bolsa, bu döwürde has hem özüne çekiji bolýar. Netijede — damagyň galýar, sowuklama sezewar bolýarsyň we burnuň dykylýar. Bular bolsa sizi tapdan düşürýär. Öýde howanyň ortaça temperaturasyny 24-26 gradusda saklajak boluň. Buz ýaly suw içip, organizmiňize agram salmaň. Kondisioneriň göni öňünde oturmaň.

Ç) Şikes almajak boluň.

Gysga balaklardyr ýubkalar ýetginjekleriň tomusda iň söýgüli egin-eşikleridir. Aýaklaryň açyk ýerleri elmydama nirädir bir ýerlere: oturgyçlara, ýoluň gyrasynda ösüp oturan agaç şahalaryna, buzgaýmakly doňduryjylaryň çüňklerine ilişýär. Şikesleriňize oňatja ideg ediň: şikese tozan ýa-da beýleki zeper ýetirijiler düşmez ýaly ýuwup arassalaň. Ýogsam tiz bitmäge derek, ýaraňyzyň azmagy mümkin.

Bedendäki gök-ala şikesleriňize iň gowusy ýod çalyň. Agyr ýaralarda bolsa, hökmany suratda lukmana ýüz tutuň.

Möhüm! Saglyk öýleri iş günleri 8:00-dan 20:00-a çenli işleýär. Tomus dynç alyşda beden saglygyňyzyň bimaza etmezligi üçin gutardyş synaglardan soň lukmanyň umumy gözegçiliginden geçip bolar.