Sport

Tomus geldigi türgenleşikleri bes etmegi aňlatmaýar. Ýöne köpleriň edişi ýaly, işsizlikden ýaňa, türgenleşik ýüküňizi artdyrmak hem bolmaz. Öňki kadaňyza görä dowam ediň. Türgenleşigiň dowamlylygyny artdyrmaga derek sportuň görnüşlerini köpeldiň. Adatça güýç bilen bagly maşklary edýän bolsaňyz, kardio-türgenleşikleri goşuň: ylgaw, welosipedde gezelenç, aerobika, suwda ýüzmek. Şeýle hem çydamlylygy taplaýan maşklary unutmaň.

Myşsalaryň adaty hereketlerden irmezligi üçin sportuň başga bir görnüşini saýlaň. Galyberse-de, şatlanmagy unutmaň. Tomus dowam edýär ahyryn!