Telewizor

Tomsuna ýetginjekler  köplenç telewizoryň öňüne süýnüp, okuw ýylynyň dowamynda görüp ýetişmedik ähli zadyny — şüweleňli gepleşikleri, seriallary, multfilmleri görmäge başlaýarlar. Reklamalara syn edýärler.

Elbetde, reklama berijileriň we kompaniýalaryň köpüsi tomus möwsüminde ýetginjeklere «hüjüm» gurnaýarlar. Şonda telewizorda horlanmak üçin serişdeler, diş ýuwujylar, üýtgeşik geýimler, smartfonlar görkezilýär. Garaz, täze okuw ýylynda size synpdaşlaryňyzdan has öňe saýlanmaga kömek edip biljek esbaplaryň ählisi görkezilýär.

Bu möwsüm ene-atalar üçin kyn bolup biler. Çünki tomus möwsüminde eşidýän «ony alyp ber, muny alyp ber» diýen haýyşlary olar bütin okuw ýylynda hem eşiden däldirler.

Dynç alşy peýdasyz geçirmezlik üçin telewizory öçüriň. Oňarsaňyz düýbünden öçüriň. Iň bolmanda, ene-atalaryňyz işden gelýänçä öçüriň. Telewizorda görlüp-eşidilmedik näme barmyşyn? Bu gepleşikleriň ählisi internetde hem bar ahyryn. Özi hem hiç hili reklamasyz görkezilýär.