Birnäçe wagtdan men...

Birnäçe wagtdan men öňki kaddyma geldim. Gözümiň aşagyndaky garalar ýok bolup gitdi, aýagymdan, tirsegimden göm-gök şikesler aýryldy, saçlarym gürleşip başlady. Günlerde bir gün aýnadan maňa gelşiklije gyz bakdy. Men täsin galmak bilen, bu gyzyň maňa ýaraýandygyna düşündim. Meniň özüme ýaraýandygyma düşündim. Hut şeýle görünmek isleýändigime düşündim.

Woleýbol meýdançasyna dolanyp gelmek gorkuly boldy. Kesel döwründe boýdaşlarym maňa goldaw bermäge çalyşýardylar, ýöne gaharjaňlygym netijesinde men olary özümden daşlaşdyrdym. Olar bitewi topar bolup galdylar, men bolsa olaryň ynamyny ödemedim.

Kakam lukmana ýüz tutup, umumy gözegçilikden geçip,  terapewt lukmanyň rugsat bermeginden soňra sport bilen meşgullanmaga başlamagy teklip etdi. Sporta dolanmagym ýene-de bir hepde yza süýşdi.