Häzir men ...

Häzir men 25 ýaşymda. Men öz saglygymyň diňe meniň kararymdygyna we meniň jogapkärçiligimdigine ynanýaryn. Häli-häzirem men semiz ýa-da betgelşik, hor-homsy bolmakdan heder edýärin. Emma bu gorkular hakyky durmuşyň dowamynda ýitip gidýär: men ýoldaşymyň we ata-enemiň aladasyny etmeli, gyzymy ulaltmaly, işime ýetişmeli.

Eger-de şol wagt öz diýenimi gazanan bolsam, men bu zatlara ýetip bilmezdim. Baýrak münberindäki sudurdan has uly bir zat bolup bilmezdim.

Edil kimdir biriniň 9-njy synpyň şazenany, ýaňy başlan model (şeýdip hem tamamlan) bolanlygyndan, artyk hiç zat bolup bilmejegi ýaly.

Anoreksiýa — bu petige barýan ýoldur. Oňa näçe girip gitseň, şonça-da aňyr çäge golaýlaýarsyň we yza dolanmagyň kynlaşýar. Bu ýoluň pellehanasy bolsa, hemişe-de ýeke-täkdir. Ymtylar ýaly pellehana däldir.

Maňa bu meseleden baş alyp çykmaga ýardam beren ata-eneme minnetdardyryn. Meniň arkamdaky şol nyşany görmedik dostlaryma minnetdardyryn. Paýhaslylygy hem goldanlygy üçin tälimçime minnetdardyryn.

Siziň durmuşyňyzda hem elmydama ýardam goluny uzadyp, sizi petikden baş alyp çykmaga ugrukdyrjak adamlaryň boljakdygyna umyt edýärin. Çünki diňe aragatnaşyk, hoşniýetli gatnaşyklar hem düşünişmek halas edýändir. Diňe ynsan mähri halas edýändir.

Bu mähriň üçin sag bol, Ýaşlyk!

Söýgi bilen, Jahan».

Siziň paýlaşmak islän wakaňyz barmy?

Tejribeli lukmanlardan we psihologlardan maslahat almak isleýärsiňizmi?

info@unfpa.org.tm  salga ýazyň.

Biz size kömek etmäge şatdyrys!