Ine, bir günem ...

Ine, bir günem ejem nobatdaky gezek maňa bir zatlar düşündirjek bolanda, möňňürip agladym.

Ejemiň ýüzüniň şol keşbi ýadyma düşýär — bu ýeňlemek duýgusydy. Görüp otursam, olar meň açylaryma, gedemligimiň ýardama mätäçlige çalşylmagyna garaşyp oturan ekenler.

Şol gün men ilkinji gezek bir tabak kelem çorbasyny ejemiň zor salyp durandygy üçin däl-de, çorbanyň şeýle bir datlydygy üçin iýdim. Bu tagamy hemişe-de söýüp iýýändigimi ýatladym. Bu bolşy gören ejem tas aglara geldi.

Ertirlikde maňa eýýäm ak kişmişli owsýanka garaşýardy. Günortanlyk bolsa balyk taýýarlandy. Bu zatlarsyz öwrenişen beden üçin o diýen kän bolmasa-da, meniň üçin şol balyk dünýädäki iň tagamly balykdy.