Jahan: «Çagalygymda ...

Jahan: «Çagalygymda woleýbol bardy — özem, diýseň köp woleýboldy, yzy tükenmeýän türgenleşikler, ýaryşlar bardy. Men — hemmeleriň üns merkezinde, baýrakly orunlaryň eýesi.

Soňra 13 ýaşymda meniň tenim maňa boýun bolmagyny bes etdi. Bilim agyrlaşyp, göwsüm çykyp başlady. Agyrlyk merkezim aşaklarda bir ýerlere geçdi. Menstruasiýa başagaý edýärdi. Hatda boýumyň birdenkä 5 sm ösmegi hem meni begendirmäge derek, howsala salýardy. Meýdançada hem her hili meseleler ýüze çykyp başlady — tutuş topar ulalýardy, üýtgeýärdi.

Tälimçimiz biziň türgenleşik ýükümizi ýeňilleşdirdi, türgenleşik tertibimizi üýtgetdi. Emma netijelerimiz has pese düşüpdi. Bizi has ýeňil hem ykjam kiçi klas toparlar ýeňip başlady, bu bolsa, bize urgy bolup degdi. Men kapitandym, şonuň üçin hem bularyň barsyny öz günäm saýýardym.

Ana, şonda men öňki netijelerimize dolanyp gelmek üçin horlanmak kararyna geldim. Ilki bilen, süýjülikler bilen — süýji, ýagly, gowrulan, duzlanan önümler bilen hoşlaşdym. Gadagan edilen önümleriň sanawyna soňlugy bilen çörek goşuldy. Onuň yz-ýany — çorbalar, kotletler we meniň söýgüli tagamym (içi huruşly kotletler) goşuldy.